Kompaniýa hakynda
“Karina TRADING” kompaniýasy sanitar-gigiýena geregine ulanylýan önümleri öndürmek boýunça Gazagstanda we Orta Aziýada öňde baryjy kärhana bolup durýar. “Karina” brendly “Karina TRADING” JÇJ bazarda örän meşhur, şu günki gün biz önümleriň 40-dan gowrak görnüşlerini we onuň üstesine ýörite sargytlar boýunça önümleri hödürleýäris.
20 ýyl dowam edýän şowly işiň netijesinde biziň kompaniýamyz täze önümleri işläp çykarmakda we olary önümçilige ornaşdyrmakda üstünlik gazandy (hajathana kagyzy, salfetkalar, kagyz elsüpürgiçler). “Karina TRADING” JÇJ ýokary hilli we gerekli önümleri öndürmek boýunça prinsip esasynda täze derejelere çykdy. Import enjamlary, önümçilige goýulýan maýa goýumlar, haryt görnüşleriniň sanyny artdyrmak, durnukly satyş ulgamy, dinamiki ösüş we, elbetde, pikirdeşler toparynyň sazlaşykly işi – bularyň ählisi bize ýokary hilli önümleri çykarmaga, bazara gatnaşygymyzy hemişe giňeldip durmaga we ynam bilen gelejege seretmäge mümkinçilik berýär. Açyk reňkli we ýeňillik bilen tanalýan gabynyň täze bezegi sebäpli biziň önümlerimiz ýeterlik derejede meşhurdyr. Mýnasyp hilli bolmagy we häzirki zaman bazarynyň talaplaryna laýyklygy olary has özüne çekiji edýär. Goralan önümleriň görnüşlerini öndürmek üçin fabrikada döredilen häzirki zaman tehnologiýalar, hünärli taýýarlanan işgärler, täsirli işleýän hil boýunça menejment ulgamy bize alyjylar köpçüligi üçin harytlary ýokary hilli edip öndürmäge mümkinçilik berýär.
“Karina TRADING” JÇJ önümçilik işini we çykarylýan önümleriň hilini yzygiderli ýagdaýda ýokarlandyrýar, şeýle-hem müşderiler bilen bagly işleri guramagy ösdürýär. Ol aýratyn çemeleşme, sargytlary çäkli gysga möhletde ýerine ýetirmek we müşderä tölegsiz ýetirmekdir. Biz täze müşderilere örän şat bolup, köne müşderilerimiziň hem gadyryny bilýäris we hemişe islendik teklipler we isleglere seretmäge taýýardyrys.
Kärhananyň syýasatyna we maksatlaryna laýyklykda, aşakdakylar biziň işimiziň möhüm artykmaçlyklary bolup durýar:
- Esasyň özbaşdak önümçiligi;
- Salfetkalary we hajathana kagyzyny öndürmek üçin öz enjamynyň bolmagy;
- Makulatura çig malyny (Gazagstan Respublikasy boýunça) getirmek üçin niýetlenen bölümiň bolmagy;
- Bellige alynan sowda markasy;
- Ýokary hili kepillendirme;
- Açyk reňkli, ynjalykly we aňsat tanalýan gap;
- “baha/hil” taýdan iň amatly gatnaşyk;
- Serwis-hyzmat etme, önümi saýlamak boýunça professional maslahatlar;
- Her müşderi bilen guralýan işe aýratyn çemeleşme;
- Öz awtoulagy bilen we d/ý wagonlar arkaly Almaty ş. we Gazagstan Respublikasy boýunça harydy tölegsiz getirme;
Kärhananyň hil babatynda üstünlikli işi 2006-njy ýylyň sentýabr aýynda hil menejmenti ulgamynyň ST RK ISO 9001-2001 talaplaryna laýyklygy barada Şahadatnamasyny almagy we “Wybor goda – 2006”, “Wybor goda – 2007” diýen respublikan festiwallarynyň “Gazagstanda 1-njy orunda durýan sanitar geregine ulanylýan sellýuloz-kagyz önümleri” diýen nominasiýasynda eňiş gazanmagy bilen bellendi.
2010-njy ýylyň mart aýynda “Karina TRADING” JÇJ “BEZUPREÇNO” diýen hil belgisi berildi.
2012-nji ýylda bize ISO 9001:2008, ISO 14001:2004; OHSAS 18001:2007 halkara standarty we Gazagstan Respublikasynyň Döwlet standartlary ST RK ISO 9001-2009, ST RK ISO 14001-2006 we ST RK OHSAS 18001-2008 berildi.
Ýokary hilli salfetkalaryň ähli görnüşlerini, hajathana kagyzyny, kagyz elsüpürgiçleri we ýaglyklary öndürmek – biziň wezipämiz, ony bolsa biz “TAPAWUTLY” diýen baha bilen ýerine ýetireris!